hojalyk jemgyýeti
“Ygtybarlylyk, ynam, durnuklylyk” biziň şygarymyz bolup, ol hile, ygtybarlylyga we durnukly ösüşe bolan ygrarlylygymyzy görkezýär.
Biz Barada
“Töwerek” hojalyk jemgyýeti 2005-nji ýylda esaslandyrylyp, gozgalmaýan emläk, nebit we gaz kärhanalarynyň ätiýaçlandyryş şaýlarynyň üpjünçiligi, zemin üçin dokma örtükleri ýaly dürli ugurlar boýunça iş alyp barýar. Işewürlik maksatlaryňyza ýetmek boýunça giňişleýin maslahatlary almak üçin biziň bilen habarlaşyp bilersiňiz.
Işewürlik ugrumyz
Himiýa önümleri
Biz gyzyklanýan taraplary kaustik soda, dietanolamin, furfural, kalsiý stearaty we perhloretilen ýaly ýokary hilli himiki önümler bilen üpjün edýäris. Bu önümler Ýewropa we Aziýa ýurtlarynda ýerleşýän dünýä belli kompaniýalaryň önümleri bolup, olaryň hiline doly kepil geçilýär, alyjy taraplara iň amatly bahalar teklip berilýär.

Senagat metallary
Mundan başga-da, biz nebit we gaz senagatynda ulanylýan sepsiz polat turbalary, turbalar üçin birikdirijileri, reduktorlary, flanesleri, grantlary we beýleki önümleri öňdebaryjy öndürijilerden import edýäris. Bu önümleriň hili halkara standartlara doly gabat gelip, olar dünýä boýunça ykrar edilen hil we gözegçilil sertifikatlary bilen tassyklanandyr.

Ätiýaçlandyryş, önümçilik we desgany dolandyryş
Biz “Abadan haly”, “Türkmen täjirçilik”, “Hazar Ätiýäçlandyryş” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň (AGPJ) paýdary bolup durýarys. “Hazar Ätiýäçlandyryş” AGPJ içerki we halkara bazarlarda ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny hödürleýär. “Abadan haly” Türkmenistanda haly önümlerini öndürýän iň uly kärhanadyr. “Türkmen täjirçilik” AGPJ bolsa, dürli görnüşli çig mallaryň, şeýle-de haly önümleriniň söwdasy boýunça iş alyp barýar. “Telekeçi” we “Şirin nygmatlar” söwda merkezleri kompaniýamyza degişli bolup, biz Aşgabat şäherindäki “Syýahatçy” myhmanhanasyny dolandyrýan “Türkmen syýahat hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň hem paýdary bolup durýarys.

Bildirişler

Täze ýylyňyz gutly bolsun!
"Töwerek" H.J. Türkmen halkyny Täze 2025-nji ýyly bilen tüýs ýürekden gutlaýar.